744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.01.2024
Margaritis Şinas: Aşgabada saparymyz ÝB-Türkmenistan gatnaşyklaryna ähli ugurlarda täze itergi berer

Aşgabada saparymyz ÝB-Türkmenistan gatnaşyklaryna ähli ugurlarda täze itergi berer. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas çarşenbe güni Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça geçiren brifinginde belledi diýip, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

“Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin brifingde Margaritis Şinas şeýle diýdi: “Bäş ýyl mundan ozal Ýewropa Komissiýasynyň döredileni bäri Türkmenistana gelip gören ilkinji komissar bolandygyma buýsanýaryn. Türkmenistan Merkezi Aziýada ÝB-niň möhüm hyzmatdaşy bolup durýar”.

Margaritis Şinasyň Türkmenistanyň DIM-inde geçiren duşuşygynyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, “bu sapar “Ýewropa-Merkezi Aziýa maýadarlaryň forumyna” bagyşlanýar. Onuň maksady Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek arkaly gatnaşyklary berkitmek bolup durýar”.

“Saparyň barşynda Şinas Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy” diýlip, metbugat beýanynda bellenilýär.

“ÝB-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmagyň barşynda, ÝK-nyň wise-prezidenti Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmek boýunça tagallalaryna hoşallygyny beýan etdi. Ol şeýle hem Dubaýda COP28 maslahatynda Türkmenistanyň Metan boýunça ählumumy borçnama goşulmagy bilen gutlady” diýlip bellenilýär.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäklerinde 17-nji ýanwarda Türkmenistana geldi.