Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen geçiren duşuşygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üstünde durlup geçildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, şol sanda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem şertnama-hukuk resminamalarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
M.Aýazow 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçjekdigi şeýle hem, Ilçihana tarapyndan türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-medeni çäreleriň birnäçesiniň geçirilmeginiň meýilleşdirýändigi barada habar berdi.
Öň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi 2022-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirildi.