744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.01.2024
Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen geljegi uly ugurlar boýunça gepleşikler dowam etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn saparlary we çäreleri guramak, nobatdaky “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” formatynda ministrler duşuşygyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Erazmus + maksatnamasynyň işine, ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Brýusselde maýadarlar Forumynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Belläp geçsek, 17-nji ýanwarda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm çäreleri hem maslahatlaşdylar. Bu ugurda şu ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa-Ýewopa Bileleşigi” formatyndaky nobatdaky ministrleriň duşuşygyny ýokary derejede geçirmeklige we oňa taýýarlyk görmeklige aýratyn üns berildi.