744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
23.01.2024
Türkmenistanyň Prezidenti agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi

19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suwy ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýerasty suwlary gözlemek işlerini üstünlikli ýerine ýetirmek babatda döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde gidrogeologik barlag işlerini geçirýärler.

Türkmenistanyň Prezident hasabaty diňläp, agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda işleri ylmy esasda alyp barmagyň ähmiýetine üns çekildi. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bu meselede netijeli işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutany aýtdy we zerur bolan halatynda, korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagy tabşyrdy.