744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
23.01.2024
Hökümet mejlisinde 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamasyna garaldy

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy hödürlenildi. Degişli taslamany döwlet Baştutanynyň garamagyna wise-premýer B.Annameredow hödürledi.

Bellenilişi ýaly, onuň çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň ençemesini, şol sanda halkara, sebit ähmiýetine eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdiriler.

Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2024-nji ýyl üçin ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, täze kärhanalaryň ýola goýulmagyna, azyk üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri özünde jemleýändigini belledi.

Maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere onuň taslamasyna ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy.