Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasy hödürlenildi.
Hökümet mejlisinde degişli hasabat bilen wise-premýer H.Geldimyradow çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, degişli taslama Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde taýýarlanyldy.
Maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, pudaklaryň we sebitleriň okgunly ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň ugurlaryny artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar.
Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatymyza ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Maksatnamanyň taslamasynda şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijilere, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalaryna, ýerine ýetirilmeli işlere, welaýatlar we şäherler boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijilerine ýene-de bir gezek seretmek tabşyryldy.