25-nji ýanwarda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok özüniň rezidensiýasynda geçirilen press-konferensiýada türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny ýakyn günlerde günbatar bazaryna daşamak boýunça işlere başlanmagyna umyt bildirýändigini aýtdy.
«Türkmenistan diňe bir tebigy gazy däl, eýsem bar bolan we gurulýan energiýa öwrüji desgalaryň kömegi bilen elektrik energiýasyny hem eksport etmekde möhüm orun eýeleýär. Ýakyn wagtda türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny günbatar bazarlaryna daşamak işlerine başlanar diýip umyt edýäris», diýip, Ahmet Demirok aýtdy.
Ilçiniň bellemegine görä, Türkiýe tebigy gazyny daşamakda amatly koridor we ugur bolup bilerdi.
Demirok Türkiýäniň gaz merkezine öwrülmegi maksat edinýändigini aýtdy. Ilçi sözüniň üstüni ýetirip, "Russiýa bilen baglanyşykly bu ugurdaky işlerimiz dowam edýär, elbetde, biz diňe rus gazy bilen çäklenmek islemeýäris, üpjünçiligi diwersifikasiýa etmek isleýäris" diýip belledi.
Türkiýäniň ilçisiniň Aşgabatdaky rezidensiýasynda geçirilen press-konferensiýa ilçihananyň, Türkmenistanda ykrar edilen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de türkmenistanly žurnalistler gatnaşdylar.
Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz 2023-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen türkmen-türk işewürler maslahatynda Türkiýäniň elektrik we tebigy gazy dünýä bazarlaryna ýetirmek üçin täze we örän uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge we ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.