Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
"Eziz Watanymyzda bedew batly ösüşleriň giňden dabaralanýan günlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýokary sylagy bilen sylaglanylmagyňyz Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere, Bitarap Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmekdäki halkara başlangyçlaryna berilýän ýokary bahadan nyşandyr. Diýarymyzda lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürlüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri açylyp ulanmaga berildi, köpugurly hassahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar yzygiderli gurulýar" diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda nygtaýar.
Bellenilişi ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesi milli saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ençeme bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglygy goraýşyny üpjün etmek ugrunda drakunkulýozyň, poliomielitiň, gyzzyrmanyň, gyzamyk we gyzylja ýaly ýokanç keselleriň doly soňuna çykylandygy, duzuň ýodlaşdyrylandygy, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy barada ýurdumyza halkara güwänamalardyr şahadatnamalar gowşuryldy.
Milli Liderimiz gutlag hatynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň eneligi we çagalygy goramak meselelerinde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny goldaýandygyny, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça milli strategiýalary, hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamakda goldaw berýändigini hem aýdýar. Şeýle-de bu gurama bilen Türkmenistanyň 2035-nji ýyla çenli inçekeseliň dünýäde ýaýramagyny ýok etmek maksadynda, inçekesele garşy göreşmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenilýär.