Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 17-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.
Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni we Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda bolsa BAE-niň we Türkiýe Respublikasynyň işewürleri ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Beýik Britaniýanyň işewürleri ýerli işewürlerden gabardin çig nah matany we BAE-niň işewürleri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden portlandsementi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 10 634 600,00 manada we 2 570 910,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.