Ýurdumyzda nebitgaz senagaty yzygiderli ösdürilýär. Bu ugurdaky işlere «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlarydyr hünärmenleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Pudagyň dürli ugurlary boýunça täze usullaryň ylmy taýdan esaslandyrylmagynda, onuň çözgütlerini tapmakda birnäçe işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda täze guýular bilen birlikde, öňküleriň işleýşini durnukly ýagdaýda saklamak ýa-da önüm berijiligini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Gatlak suwlarynyň akymyny çäklendirmek, gatlakdan gelýän çägäniň öňüni almak we emele gelýän parafin çökündilerini arassalamagyň has netijeli usullaryny işläp taýýarlamak boýunça barlag işleri alnyp barylýar. «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ylmy işgärleri Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Goturdepe», «Barsagelmez», «Keýmir», «Altyguýy», «Günorta Gamyşlyja» we «Çeleken» ýaly känleriň nebitli guýularynda şunuň ýaly işleri geçirmek arkaly oňat netijeleri gazanmagy başardylar. Işler häzirki günlerde hem depginli dowam etdirilýär.
Ýeri gelende bellesek, «Nebitgazylmytaslama» instituty ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň iň baýry ylmy-barlag we taslama merkezleriniň biridir. Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň nebitgaz känlerinde, çylşyrymly we adatdan daşary kyn dag-geologik şertli kesimlerde gözleg-barlag işleriniň, çuň guýulary burawlamagyň taslamalaryny taýýarlamak, gurluşyk wagty ylmy-inženerçilik gözegçiligini alyp barmak, tehniki meseleleri çözmek we buraw erginleriniň oňaýly düzümini saýlamak, känleridir ýataklary işläp geçmegiň taslamalaryny, tehnologik smetalaryny düzmek we önümli gatlaklaryň ulanylyşynyň seljermesini alyp barmak, nebit we gaz gorlaryny hasaplamak, olaryň ýyllyk meýilnamasyny düzmek ýaly başga-da ençeme işlere institutyň goşandy uludyr. Dag jynslarynyň litokollektorlyk, mineralogik düzümini, gurluş aýratynlyklaryny, harytlyk nebitiň häsiýetlerini, dargama tizligini, buraw we tamponaž erginleriniň tehnologik görkezijilerini öwrenmek üçin enjamlaryň ençemesiniň satyn alynmagy onuň hünärmenleri örän begendirdi.