744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.02.2026
Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 18-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebit önümlerine daşarky bazarda isleg bildirildi.

Hususan-da, daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem Serbiýanyň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniniň gury ekstraktyny, Türkiýe Respublikasynyň işewürleri ýerli işewürlerden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 921 800,00 manada we 3 154 050,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.