“Marygazçykaryş” müdirligine ýakynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýasynyň önümi bolan gazyň çyglylygynyň gyraw düşme nokadyny ölçeýji enjam gelip gowuşdy. Ýokary tehnologiýaly bu enjam tebigy gazyň düzümini takyk barlamakda işleri täzeçe guramaga ýardam berer.
Müdirligiň ylmy-barlag önümçilik işleri sehiniň inžener-tehniki işgärleriniň, himiki laborantlarynyň gaz känleriniň hünärmenleri bilen bilelikde geçirýän netijeli himiki barlaglary, gözegçilikleri arkaly dünýä bazarlaryna eksport edilýän tebigy gazyň harytlyk derejesiniň halkara kadalara laýyk bolmagy üpjün edilýär. Sehiň inžener-tehniki işgärleri, himiki laborantlary tarapyndan müdirligiň «Üçajy» gaz käniniň gaz gysyjy desgasynyň hereketlendirijisiniň ýagynyň düzümine her günde 3 gezek barlag geçirilýär. Munuň özi daşarky bazara ugradylýan tebigy gazyň harytlyk derejesinde bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Gaz känlerinde mawy ýangyjyň düzümi barlaghana bölümçeleriniň laborantlarynyň geçirýän himiki barlaglarynyň netijesinde döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk getirilýär. Müdirligiň ylmy-barlag önümçilik işleri sehinde hem-de “Galkynyş”, “Üçajy”, Günbatar Şatlyk, "Kelleli" we beýleki gaz känlerinde ýerleşýän barlaghana bölümçelerinde inžener-tehniki işgärleriň, himiki laborantlaryň 50-ä golaýy zähmet çekýär. Şol bölümçeler gaz guýularyndan çykarylýan tebigy gazyň düzümine himiki usulda barlaglary geçirmek üçin ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Guýulardan çykarylýan mawy ýangyjyň düzümi ýörite enjamlaryň kömegi bilen himiki garyndylar arkaly barlagdan geçirilip, ondaky suwuň, hloruň, demriň möçberine, gazyň hem-de uglewodorodyň çyglylyk derejesine gözegçilik edilýär. Şol barlaglaryň netijelerine sehiň inžener-tehniki işgärleri tarapyndan gözegçilik alnyp barylýar.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm