744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
29.01.2024
TNGIZT nebit önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada 26-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Batyr Amanow hasabatynyň çäginde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda nebithimiýa senagatyny ösdürmek, halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak hem-de önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyjyň bu görnüşi ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir.

Şeýle-de zawodlar toplumynda “SAE 50 API CF-4” kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Motor ýagynyň bu görnüşi awtoulaglarda hem-de beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny öwrenmegiň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň, has ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmegiň ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleridigini belledi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär we olar içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Täze önümler ýurdumyzda bu ugurda öndürilýän önümleriň görnüşlerini has-da artdyrar diýip, Prezident aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.