744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
30.01.2024
Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ulag geçelgesine öwrülmäge taýýar

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülip biler. Biziň ýurdumyz Hazar deňzinde häzirkizaman port infrastrukturasynyň bolmagy bilen, materikde ýükleriň üstaşyr geçmegi üçin halkara ulag hökmünde ähmiýeti diňe artýar, diýip Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew maýadarlar forumyna mälim etdi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Annaýewiň sözlerine görä, Türkmenistan häzirki wagtda bäş müň kilometrden gowrak polat ýollary sebitleriň arasynda ygtybarly aragatnaşygy üpjün edip, möhüm üstaşyr potensialyna eýe bolup durýar. Ýylda 17 million tonna kuwwatlylygy bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, ýurdumyzyň günbatar böleginiň dünýä söwda ýollaryna çykýan esasy ulag merkezi bolup hyzmat edýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy sebitde ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm goşantdyr diýip, Batyr Annaýew ähli gyzyklanýan taraplary ulag hyzmatdaşlygy babatynda taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmek üçin birnäçe anyk borçnamalar yglan edildi. Paralel tematiki sessiýalarda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda üstaşyr wagtyny azaltmak, amaly netijeliligi ýokarlandyrmak, ýerüsti ulag infrastrukturasyny we multimodallyk we logistika nukdaýnazaryndan beýleki aragatnaşyk meselelerini gowulandyrmak mümkinçilikleri bellenilip geçildi.