Türkmenistanyň gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem kükürt önümçiligi we eksportydyr. Russiýadan, Şweýsariýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan kompaniýalarda bu önüme bolan isleg artýar diýip, tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow hasaplaýar. Bu barada ol CentralAsia.news neşirine beren interwýusynda belleýär.
Bilermeniň sözlerine görä, Türkmenistanda kükürtiň iň iri ýatagy Lebap welaýatynda Magdanly şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Onuň gorlary galyndy jisimleriň toplanmagynda biohimiýa prosesleriň netijesinde emele gelipdir.
Ylýasowyň hasaplamalaryna görä, fosfor kislotasyny we fosfor dökünlerini almak üçin kükürt kislotasynyň önümçiliginde ulanylmagy netijesinde kükürte bolan isleg dünýä bazarynda durnukly ýagdaýda öser.
Kükürtiň ulanylýan möhüm ugry oba hojalygydyr. Ammoniýa sulfaty ýaly düzüminde kükürt saklaýan birleşikler dökün hökmünde giňden ulanylýar. Bu bazarda önümçiligi giňeltmek üçin Türkmenistanda kükürtiň esasynda dökünleriň täze görnüşleriniň önümçiligini ösdürmek zerur.
Bilermen şeýle hem kükürtiň çykarylmagynyň we gaýtadan işlenilmeginiň Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip biljekdigine ünsi çekdi.
- Çig mal serişdesi hökmünde kükürtiň ýerlenilmegi we gaýtadan işlenilmegi Türkmenistanyň ykdysady görkezijileriniň biri bolup durýar. Onuň ägirt uly ätiýaçlyk gorlaryny nazara alyp, ýurt bu himiki elementi öndürmekde we gaýtadan işlemekde dünýä liderleriniň biri bolup biler – diýip, Allaberdi Ylýasow jemledi.