“Türkmennebit” döwlet konserniniň Nebitgazylmytaslama ylmy-taslama barlag institutynyň alymlary plast suwlaryny arassalamak boýunça işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrdylar.
Nebit himiki düzüminde ulanyş maksatly guýularyň turbalarynda gaty çökündilri emele getirýän şepbik, parafin saklaýar. Netijede sorujy-kompressor turbalarynyň sütünleriniň geçirijilik ukyby peselýär.
Bu hili meseleleri aradan aýyrmak üçin institutda petentlenen oýlap tapyşlar işlenip taýýarlanyldy we ornaşdyryldy. Şolaryň biri hem nebitgaz guýularynda plast suwlaryny üzňeleşdirmek bilen baglydyr. Işläp taýýarlamalaryň ýene-de biri – asfalt-şepbik, parafin galyndylaryny arassalamagyň usuly. Ol Goturdepedäki we Barsagelmezdäki irki ýataklardaky hereket edýän guýularyň günlük debitini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Tejribäniň görkezişi ýaly, ylmy oýlap tapyşlary işläp taýýarlamak üçin sarp edilen serişdeler özüni dolulygyna ödeýär. Ylmy işläp taýýarlamalaryň peýdaly täsir koeffisenti ýüzlerçe tonna goşmaça nebit we kub metr uglewodorod çig maly bilen ölçenilýär.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň strategiki pudagy. Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Balkanabat şäherinde Nebitgazylmytaslamanyň binalar toplumynyň durky dolulygyna täzelendi. Bu işler alymlara, inžener-tehniklere ylym bilen önümçiligiň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmäge mümkinçilik berdi.