“Akylly” şäher Arkadagy we ýurdumyzyň paýtagtyny Türkmenistanda hereket etjek ilkinji elektrikli otly birleşdirer. Otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer.
Taslama barada Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowyň arasynda geçirlen gepleşiklerde bellenildi diýip, HHM habar berýär.
Duşuşykda taraplar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek we ýeke-täk logistika operatory döretmek meselesi boýunça pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin, Russiýanyň demirýol edarasynyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak we Russiýanyň Demirýollary korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýol işgärlerini taýýarlamak meselesine garadylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça "RŽD Logistika" PJ bilen "Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi" APJ-nyň arasyndaky Ähtnama goşmaça Ylalaşyga, şeýle hem "RŽD Interneşnl" bilen "Demirýollary" AGPJ-nyň arasynda degişli resminamalara gol çekildi.
Belläp geçsek, Türkmenistanda ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri paýtagtymyzyň günorta-günbatarynda 30 kilometr uzaklykda ýerleşip, 70 müň adama niýetlenendir. Birinji tapgyryň çäklerinde bu ýerde “akylly” ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, lukmançylyk edaralary, bilim we medeniýet desgalary, drama teatry, kitaphana, muzeý, Halkara atçylyk akademiýasy we beýleki desgalar guruldy. Häzir Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar.