Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masakiniň arasynda geçirilen duşuşykda 2024-nji ýylda Astanada meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşykda taraplar 2024-nji ýylda Astanada meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar we 2024-nji ýylda, Ýaponiýanyň başlangyjy bilen döredilen, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyna 20 ýyllygynyň dolýandygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda däbe öwrülen uzak möhletli dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.