744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.10.2026

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21–23-nji oktýabr aralygynda geçiriljek 31-nji Halkara «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly halkara forumyň esasy tehnologik täzelikleriniň biri hökmünde emeli aň esasynda işleýän ynsana meňzeş robot ALI görkeziler. Bu barada çäräniň guramaçylary habar berdiler.

OGT 2026 halkara forumynyň çäklerinde ALI (A.L.I. - Artificial Learning & Intelligence — «Emeli öwreniş we aň») ady bilen tanyşdyrylýan gumanid robot Unitree G1 emeli aňyň we innowasiýalaryň sanly wekili hökmünde çykyş eder. Guramaçylar tarapyndan ýörite at berlen bu robot sergä gatnaşyjylara häzirki zaman akylly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini görkezmek maksady bilen hödürlener.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu tehnologiýanyň foruma goşulmagy dünýä energetika pudagynda sanlylaşdyrmagyň we awtomatlaşdyrmagyň barha artýan ornuny şöhlelendirýär. Robotyň görkezilişi häzirki zaman energetikasynda innowasion çözgütleriň, emeli aňyň we akylly ulgamlaryň ulanylyşyna bagyşlanar.

Unitree Robotics (resmi ady — Hangzhou Yushu Technology Co., Ltd.) Hytaýyň Hançžou şäherinde ýerleşýän, ýokary öndürijilikli dört aýakly we gumanid robotlary işläp taýýarlaýan hem-de öndürýän tehnologiýa kompaniýasydyr. Unitree G1 çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmäge, dürli zatlary dolandyrmaga we emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen öwrenmäge ukyplydyr.

2026-njy ýylyň awgust aýynda kompaniýa ýokary tizlikli gumanid robotynyň täze nusgasyny hödürledi. Ol sagatda 45,6 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip bilýär. Şeýle tehnologiýalaryň OGT 2026 çäklerinde görkezilmegi energetika pudagynda geljekki ösüşleriň sanly tehnologiýalar we robotlaşdyrma bilen baglanyşykly ugurlaryny görkezýär.