«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň dokuz aýynda polipropileniň 40 müň 617 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Diňe sentýabr aýynda kärhanada 1 müň 610 tonna granula görnüşli polipropilen öndürilip, sarp edijilere ugradyldy.
Bellenilişi ýaly, desganyň önümçilik kuwwaty bir ýylda 90 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär. Onda oturdylan enjamlaryň ählisi dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Önümçilik amallary awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrylýar, şunuň bilen birlikde öndürilýän önümiň hiline we berkligine aýratyn üns berilýär.
Bellenilişi ýaly, ýokary hilli polipropilen önümine daşarky bazarlarda hem, içerki bazarlarda hem isleg artýar. Alyjylaryň agramly bölegini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary düzýär. Soňky wagtlarda ýurdumyzyň söwda dükanlarynda we bazarlarynda polipropilenden ýasalan dürli milli önümlere gabat gelmek bolýar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti