744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.10.2026

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara sergisi açyldy. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen gutlag haty okalyp eşitdirildi.

Serginiň guramaçylary «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, bilelikdäki gurmaçy bolsa Turkmen Energy Forum. Üç guraýjynyň hersi sergide öz pawilýonyny hödürledi. Döwlet konsernleriniň stendlerinde garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz pudagynyň gazanan üstünlikleri görkezilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem öz stendini hödürledi.

Sergä Hytaýdan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan halkara kompaniýalar, şeýle hem Türkmenistanyň 20-ä golaý hususy kompaniýasy gatnaşýar.

Sergi 23-nji oktýabra çenli dowam eder. 21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda halkara maslahat öz işine başlar. Guramaçylaryň maglumatyna görä, halkara maslahatyna 70-den gowrak ýurtdan wekil gatnaşýar.