744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.11.2026

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär. Hususan-da, ösüş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem häkimler ýurdumyzy ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk alyp barmagy, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda guramagy, bugdaý meýdanlarynda birinji ösüş suwuny ýokary hilli tutup, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini guramaçylykly ýola goýmagy, bugdaýdan kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak meselesine ünsi çekip, gowaça ekiljek meýdanlarda şüdügär sürüminiň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegine pugta gözegçilik etmegi, gowaça ekiljek ýerleri fosfor döküni bilen iýmitlendirmegi, Daşoguz welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy tabşyrdy. Welaýatlarda bugdaý, pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi