744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen nobatdaky söwda geleşikleriniň barşynda içerki bazaryň zerurlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe şertnama baglaşyldy. Söwdalaryň netijesinde ýerli işewürler tarapyndan jemi bahasy 11 114 795,75 manada deň bolan 3 geleşik resmileşdirildi.

Geleşikleriň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropilen, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden bejeriş-naharhana gazlandyrylan mineral «Berzeňňi» suwuny we witaminleşdirilen alkogolsyz gazlandyrylan «Witamin» içgisini satyn almak boýunça şertnamalar baglaşyldy.

Birža söwdalarynda ýerli öndürijileriň önümlerine bolan islegiň ýokary bolmagy ýurdumyzyň senagat we önümçilik kuwwatynyň artýandygyny, içerki bazaryň dürli ugurlardaky harytlar bilen üpjünçiliginiň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bolsa öndürijiler bilen telekeçileriň arasynda netijeli söwda gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm meýdança hökmünde çykyş edýär.