Garagumyň jümmüşindäki tebigy baýlyklary halkyň bähbidine gönükdirilen önümlere öwürmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň esasy wezipeleriniň biridir. Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda ýerleşýän Naýyp suwuklandyrylan gaz öndürýän kärhanasynda oktýabr aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini görkezdi.
Hasabat aýynda kärhanada suwuklandyrylan gaz we gaz kondensaty boýunça meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça 7 müň 692 tonnalyk meýilnama ýerine 8 müň 51 tonna önüm öndürilip, meýilnama 104,7 göterim berjaý edildi. Artyk öndürilen önümiň möçberi 359 tonna boldy.
Gaz kondensatynyň önümçiliginde hem ýokary netije gazanyldy. Oktýabr aýynda meýilnamadaky 3 müň 836 tonnanyň ýerine 4 müň 875 tonna önüm öndürilip, tabşyryk 127,1 göterim ýerine ýetirildi. Meýilnamadan artyk öndürilen gaz kondensatynyň möçberi 1 müň 39 tonna ýetdi.
Naýyp kärhanasy «Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň möhüm bölümleriniň biridir. Bu ýerde tebigy gaz gaýtadan işlenip, suwuklandyrylan gaz, gaz kondensaty we harytlyk tebigy gaz ýaly birnäçe görnüşli önüm alynýar.
Darganata etrabynyň çäginde ýerleşýän desganyň taslama kuwwaty ýylda 4,5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge, 120 müň tonna suwuklandyrylan gaz we 60 müň tonna gaz kondensaty öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kärhanada öndürilýän önümler içerki bazaryň üpjünçiliginde hem-de eksport ugurlaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Naýyply gazçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde gazanylan ýokary görkezijiler Türkmenistanyň gaz senagatynyň kuwwatynyň artmagyna we täze önümçilik sepgitlerine ýetmegine ýardam berýär.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti