Günorta-Günbatar Türkmenistanyň pliosen çökündileriniň, hususan-da, gyzylreňkli we akçagyl+apşeron toplumlarynyň senagat nebitgazlylygy ygtybarly anyklanyldy. Pliosen çökündilerinde nebit we gaz känleri ýurduň günorta-günbataryndaky gury ýer böleginde, şeýle hem Hazaryň türkmen böleginde (Balkanýaka-Apşeron nebitgazly zolagy) tolkunlaryň serpikme usuly we umumy çuňluk nokadynyň usuly seýsmiki-agtaryş arkaly çuňňur burawlaýşa taýýarlanylan gurluşlaryň ählisinde diýen ýaly açyldy.
Gögerendag-Ekerem gaznebitli etrabynyň çäginde günbatardan gündogara nebitgazly ýerleriň üç zolagy bölünýär: günbatar — geljegi uly Hazarýaka, merkezi — senagat nebitgazly Gögerendag — Gamyşlyja — Çekişler zolagy, gündogar — mümkingadar geljekli Bugdaýly-Nogaý.
Bellenilişi ýaly, merkezi zolakda Gögerendag — Gamyşlyja — Akpatlawuk — Çekişler gurluşlarynyň antiklinal çyzygynda belli göterilmeleriň ählisi öwrenildi, olaryň hersinde nebitiň we gazyň senagat toplanmalary ýüze çykaryldy. Gündogar zolakda aşaky gyzylreňkli çökündilerde gaz kondensatynyň bir-iki ýygnanmasy bellenildi (Nogaý, Bugdaýly). Merkezi zolak uglewodorodlaryň uly gorlaryny özünde saklaýar, beýleki iki zolak bolsa, görkezilişi ýaly, çuňňur geofiziki we burawlaýyş taýdan öwrenilmegine garaşýar.
Antiklinallar bilen baglanyşykly bolmadyk duzaklardaky nebit we gaz ýataklarynyň sany hem dürlüdir. Nebitgazly prowinsiýalar boýunça dünýä tejribesi şeýle duzaklarda nebitiň we gazyň agtarylan gorlarynyň we serişdeleriniň ep-esli möçberiniň saklanýandygyny görkezýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, etrapda gümmez däl görnüşli duzaklarda — litologik we stratigrafik taýdan ekranlanan, dykyzlaşmadyk zolaklarda we beýleki obýektlerde — ýataklary gözlemek meselesi ör boýuna galýar. Şeýle duzaklar Günbatar Türkmen çöketliginiň gündogar tarapynda gatlaklaryň sebitleýin ýokary göterilmegi wagtynda önümli toplumlaryň çürelip ýitip gitmeginiň netijesinde emele geldi. Günorta-Günbatar Türkmenistanda gümmez däl görnüşli ýataklar Guýjyk, Altyguýy we beýleki gurluşlarda açyldy.
Makalada bellenilişine görä, oňat öwrenilen «köne» Gögerendag-Ekerem etrabynyň aşaky gyzylreňkli çökündilerinde uglewodorodlaryň täze ýygnanmalaryny ýüze çykarmak üçin ýörite toplumlaýyn geologik we geofiziki işleri guramak möhümdir. Bu işler merkezi nebitgazly zolakdan günbatarda we gündogarda ýerleşen nebitgazly ýerleri barlamagy göz öňünde tutýar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti