Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýaş hünärmenleriniň zähmet üstünlikleri, döredijilik gözlegleri we hünär ugurlaryndaky gazanan netijeleri döwlet derejesinde ýokary bahalandyryldy. 16-njy noýabrda Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň dürli ugurlarynda tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda işjeňligi, zähmetsöýerligi we döredijilikli başlangyçlary bilen tapawutlanan 133 sany ýaş watandaş bu abraýly baýragyň eýesi boldy. Olaryň arasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda zähmet çekýän we bilim alýan ýaş nesliň wekilleri hem bar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň fizika we elektronika kafedrasynyň uly mugallymy Gülälek Nuraýewa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önümçilik, ylym we tilsimatlar bölüminiň baş hünärmeni Guwanç Meretdurdyýew hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ajap Işanberdiýewa mynasyp boldular.
Bu ýokary sylag ýaşlaryň hünär ussatlygyny, ylmy-döredijilik işjeňligini we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan nebitgaz toplumynyň ösüşine goşýan goşandyny ykrar etmegiň nyşany boldy.
Dabarada hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine iberen Gutlagynyň okalmagy ýaş nesle bildirilýän uly ynamyň we döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň beýany boldy.
Häzirki döwürde Türkmenistanda ýaşlaryň bilimli, döwrebap pikirlenýän, hünär taýdan kämil we täze tehnologiýalardan baş çykarýan şahsyýetler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaş nesliň döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmak, başlangyçlaryny goldamak we jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hökmünde çykyş edýär.
Nebitgaz toplumynyň ýaş wekilleriniň bu abraýly baýraga mynasyp bolmagy pudakda täzeçil pikirlenýän, ýokary hünär taýýarlygyna eýe bolan ýaş hünärmenleriň kemala gelýändigini görkezýär. Olar ýurdumyzyň energetika kuwwatyny artdyrmaga, ylmy-tehniki ösüşi üpjün etmäge we milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaş nesliň hataryny giňeldýärler.