744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
18.11.2026

Aşgabatda geçiriljek «Turkmen Energy» (TESC 2026) halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde energetika pudagynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny görkezýän ýörite sergi, şeýle hem işewür hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen B2B we B2G duşuşyklary geçiriler. Bu barada çäräni gurnaýjylar habar berdi.

Sergi halkara kompaniýalara, tehnologik kärhanalara, ylmy-barlag merkezlerine we pudak hünärmenlerine häzirki zaman energetika çözgütlerini, sanly ulgamlary, önümçilik proseslerini kämilleşdirmäge gönükdirilen innowasion işläp taýýarlamalary hem-de ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalary tanyşdyrmak üçin giň mümkinçilik döreder.

Serginiň dowamynda nebitgaz toplumynda ulanylýan döwrebap enjamlaryň, sanly dolandyryş ulgamlarynyň, emeli aň esasynda işleýän tehnologiýalaryň, energiýa netijeliligini ýokarlandyrýan çözgütleriň we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen täzeçil usullaryň tanyşdyrylyşlary geçiriler.

TESC 2026-nyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde guraljak B2B (Business to Business) we B2G (Business to Government) görnüşindäki duşuşyklarda döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, maýadarlaryň we tehnologiýa üpjün edijileriniň wekilleri özara pikir alşarlar. Bu duşuşyklar täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de maýa goýum başlangyçlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolar.

Halkara işewür duşuşyklaryň çäklerinde energetika pudagynda sanly özgertmeleri çaltlandyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak we tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berler.

TESC 2026-nyň tehnologiýa sergisi we B2B/B2G duşuşyklary «Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk» şygarynyň mazmunyny açyp görkezýän möhüm çäreleriň biri bolup, Türkmenistanyň energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň, innowasion ösüşiň we täze işewür mümkinçilikleriň giňeldilmegine hyzmat eder.