Şu gün, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri şäheri Dubaýda Hyatt Regency Creek Heights myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-njy aprelde geçiriljek Halkara forumynyň wekillerini hasaba almak çäresi geçirilýär. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew edaralaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda Dubaýda maýa goýum forumyna taýýarlyk we netijeli geçirmek meselelerini maslahatlaşdy. Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, aprel aýynda Dubaýda geçiriljek halkara maýa goýum forumyny ýokary derejede taýýarlamak we geçirmek möhümdir. Forumyň işi 26-njy aprelde irden umumy mejlisden başlar. Çykyş edýänleriň hatarynda — Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary we halkara nebitgaz bazarynyň iri wekilleri bar. Dubaýdaky forumyň gün tertibine tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky deňiz bloklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara daşary ýurt kapitalyny çekmek, Galkynyş gaz känini işläp taýýarlamagy dowam etmek meseleleri girizildi. Sişenbe güni, maýa goýum forumynyň öňýanynda diňe bir Dubaýyň däl, eýsem, dünýäniň iň özboluşly ýerlerine iş saparlary meýilleşdirildi. Bu — dünýäde iň iri elektrik bekedi bolan Gün energetikasy seýilgähi. Ol Gün şöhlesini özleşdirmegiň netijesinde işleýär. Garaşylyşy ýaly, 2030-njy ýylda taslama tamamlanandan soň, bu ýerde ýylda 5 müň MWt elektrik energiýasy işlenip taýýarlanar, bu 2050-nji ýyla çenli Dubaýa arassa çeşmelerden 75% energiýa almaga mümkinçilik berer. Şeýle hem Geljegiň muzeýine baryp görmek meýilleşdirildi.