Ýakynda çap edilen «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabaralary şu günler giň gerimde dowam edýär. Düýn ― 28-nji maýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň edara binasynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumy tarapyndan geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy hem täsirli boldy. Oňa degişli ulgamlaryň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, magtymgulyşynaslar, alymlar, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.
Turuwbaşdan işjeň häsiýet mahsus bolan tanyşdyrylyş çäresinde, ilki bilen, degişli ulgamlaryň wekilleriniň we magtymgulyşynaslaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyş edenleriň arasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, döwlet ministri Maksat Babaýew hem bar. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen täze kitap akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, döwletlilik baradaky filosofik garaýyşlaryny beýan edýän, türkmen tebigatynyň waspyny belentden ýetirýän şygyrlaryny öz içine alýan ajaýyp ýygyndydyr. Onuň söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň baýram edilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, şu mynasybetli halkara derejedäki çäreleriň geçirilýän günlerinde, şahyryň paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen belent heýkeliniň we adybir medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gabatlanyp, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.
Sowgatlyk ýygyndynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilmegi halkymyzyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserlerini dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndaky suratlar bilen bezelmegi kitabyň täsirliligini has-da artdyrýar.
Dabaranyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary hem çykyş etdiler.