«Ýasir Basir» halkara firmasy Türkmenistandan awtomobil ulagy arkaly suwuklandyrylan nebit gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana iberip başlady. Bu barada talibanlaryň Kandagardaky hökümet müdirliginiň habar beriş býulleteni habar berdi. Býulletende Kandagarda Şurandumda geçirilen resmi dabara beýan edildi. Öň, Pakistanyň hökümeti gyş möwsüminde gazyň ýetmezçiligi bilen bagly çökgünlige sezewar bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýer arkaly Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmegiň meýilnamasyny işläp düzdi. Geljekde bu sebitde «mawy ýangyjyň» ýetmezçiliginiň meselesini häzirki wagtda durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi çözmäge ýardam eder. TOPH gaz geçirijisi boýunça «Galkynyş» ägirt uly gaz käninden her ýylda 33 mlrd kub metr gaz iberiler. Bu käni ätiýaçlyk gory 27,4 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.