Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, täze guýulary burawlamak we gurmak bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebap enjamlardyr tehniki serişdeler bilen üpjün etmek üçin ähli şertleri döredip berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary döwletimiz tarapyndan berilýän kömek-goldawlara jogap edip, tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary häzir ýurdumyzyň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Kelleli, Garabil gaz ýataklarynda guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar täzelikde Kelleli gaz ýatagynyň 01-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Olar şu gaz guýusynda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini iki müň bäş ýüz ýigrimi bäş metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar özlerine berilýän kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplanylan baý iş tejribesi arkaly iki müň dört ýüz altmyş dokuz — iki müň dört ýüz altmyş ýedi metr çuňlukdaky aralykdan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Bu guwandyryjy zähmet üstünligi buraw ussasy Arslan Meredowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar toparynyň birnäçe aýyň dowamynda egin-egne berip, agzybirlikli çeken zähmetiniň miwesidir. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde bäş ýüz ýetmiş bir müň kub metr tebigy gaz berýär. — 01-nji ulanyş-baha beriş guýusynda burawlaýyş işleriniň üstünlikli geçirilmegine burawlaýjylar Kakageldi Babaýew, Hojadurdy Geldiýew, guýularda synag ediş toparynyň burawlaýjylary Baba Babaýew, Batyr Orazow, burawlaýjynyň kömekçileri Annadurdy Çaryýew, Ýakup Abdyýew, dizel maşinisti Öwezdurdy Mälikow dagy zähmet goşantlaryny goşdular — diýip, buraw ussasy Arslan Meredow gürrüň berýär. Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt wodorodsyz — arassa bolmagy bu ýatagyň önüminiň esasy aýratynlygydyr. Bu gaz käniniň önüminiň ykdysady taýdan bähbidiniň ýokary boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar. «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zähmet gadamlaryny batlandyryp, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän beýleki gaz känlerinde-de guýulary burawlamak işlerine giň gerim berýärler.