744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
04.05.2023
Sinopec kompaniýasy Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga girişdi

Sinopec hytaý kompaniýasy HHR-iň demirgazyk-günbatarynda Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga başlady diýip, Sinhua agentligi habar berýär. Garaşylyşy ýaly, Takla-Makan çölüniň eteginde Tarim känindäki guýynyň çuňlugy 9 müň 472 metre barabardyr. Munuň özi Ewerestiň beýikliginden 600 metrden gowrak uludyr diýip, nebithimiýa kompaniýasy habar berýär. Bilermenleriň pikiriçe, bu burawlaýyş Hytaýyň aşa çuňlukdaky guýulary burawlamakda dünýäde öňdäki orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.