744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
11.07.2024
Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet Konserniniň önümini satyn almak boýunça geleşik baglaşdy

10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet Konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. 
Daşarky bazarda Gazagystan döwletiniň işewürleri «PS 400-G20-K» kysymly portlandsemendi satyn almak barada geleşik baglaşdyrlar. 
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 9 350 000,00 manada, 720 000,00 amerikan dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar agentligi