744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
13.07.2024
2024-nji ýylyň birinji ýarymynda gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler ýokarlandy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

 

Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan meýilnamanyň 102,9 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,3 göterim, dizel ýangyjynyň meýilnamasy 100,1 göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasy 107,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmek, Hazar deňziniň sebitinde uglewodorod serişdelerini gözlemek we özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek, türkmen geologlary tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan gatlaklaryny gözlemek, barlamak işlerini netijeli dowam etdirmek, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gözlemek, ýüze çykarmak, özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek we bu işlere halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi