«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýol hereketiniň howpsuzlygy, hukuk medeniýeti bilen bagly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa «Türkmengaz» DK-nyň «Nebit-gaz» gazetiniň, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, «Taslama işleri», «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar», Nebitgaz toplumynyň senagat desgalarynyň maýa goýum we tehnologik taslamalaryny döwlet seljeriş müdirlikleriniň işgärleri gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halimow, Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň müdiri, polisiýanyň maýory Döwran Amanmyradow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň esasy hünärmeni Jepbar Annaşow dagy çykyş etdi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz gysga döwrüň içinde uly ösüşlere eýe boldy. Türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi babatynda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Paýtagtymyz Aşgabatda, sebitiň ilkinji «akylly» şäheri Arkadag şäherinde, ähli welaýat, etrap merkezlerimizde, obalarymyzda sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Döwrebap sport toplumlary we ýöriteleşdirilen sport mekdepleri munuň anyk mysallarydyr.