744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
15.07.2024
Türkmenistanyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berildi

12-nji iyulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde Türkmenistanyň Hökümet agzalaryna, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berildi.

Olaryň, hemişe bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdigi aýdyldy.

Geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň umuman gowy bolandygyny mälim eden Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça ýakyn günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly