Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) we dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň guramagynda «Altyn garagöz» atly halk tanslarynyň 36-njy halkara bäsleşigi geçirildi. Onda Türkmenistana wekilçilik eden «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» tans, aýdym-saz, folklor topary ikinji baýrakly orna, kümüş kuboga we ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
7 — 12-nji iýul aralygynda geçirilen halkara bäsleşige gatnaşan ýurdumyzyň döredijilik topary medeni forumyň düzgünnamasynda görkezilen şertler boýunça çykyşlary ýerine ýetirip, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny saz we tans sungatynda ussatlyk bilen görkezmegi başardy. Tansçylaryň nepis nagyşlar bilen bezelen milli lybaslary, şaý-sepleri olaryň çykyşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Ýeri gelende bellesek, indi 36 ýyl bäri geçirilip gelinýän bu halkara bäsleşik barha meşhurlyga eýe bolup, onuň gerimi yzygiderli giňeýär. Şu ýyl hem bäsleşige 23 ýurtdan tans ussatlarynyň 720-si gatnaşyp, Bursada halklaryň ruhy keşbini açyp görkezýän baý medeniýetleriň älemgoşar öwüşginlerini emele getirdiler. Biri-birinden ajaýyp çykyşlar tans sungatynyň we medeniýetiň birleşdiriji güýjüni ýene bir gezek aýdyňlygy bilen ýüze çykardy.
Sungat baýramçylygynyň 1993-nji ýylyň 12-nji iýulynda esaslandyrylan TÜRKSOÝ-nyň döredilen senesine gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Medeni forumyň çäklerinde ýurduň döredijilik topary Bursa şäheriniň taryhy, medeniýeti, gözel künjekleri bilen-de tanyşmaga mümkinçilik aldy.