744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
17.07.2024
23 — 25-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» halkara maslahata hasaba alynmak başlandy

2024-nji ýylyň 23 — 25-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek 29-njy halkara maslahaty we «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» (OGT 2024) sergisi üçin hasaba alyş başlandy. Çäräni «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy guraýar.

 

Maslahatyň maksady energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.

 

Maslahatyň çäginde guraljak ýygnaklarda potensial maýadarlaryň Türkmenistanyň nebit-gaz toplumyna täze maýa goýum taslamalary, "Galkynyş" gaz känini özleşdirmegiň indiki tapgyrlary, ýetişen ýataklarda nebit we gaz önümçiligini optimizasiýa etmek baradaky pikirler maslahatlaşylar.

 

Şahsy gatnaşmak üçin hasaba alyş 2024-nji ýylyň 13-nji oktýabryna çenli açykdyr. Guramaçylar hasaba alnan ähli wekillere wiza goldawyny berer.

 

Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly