2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Aşgabatda ÝHHG-niň Merkezi tarapyndan gurnalan iki günlük seminara döwletimiz tarapyndan «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we beýleki gyzyklanma bildirýän edaralaryň ýigrimi bäş wekili gatnaşdy we olar parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hereket edýän kanunlar bilen tanyşdylar.
Seminaryň barşynda halkara bilermenler degişli doktrinalara, taglymatlara we kanunlara salgylanyp, parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak ulgamynda milli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça öňdebaryjy tejribeler bilen paýlaşarlar. Parnik gazlarynyň zyňyndylary barada hasabatlary işläp düzmek babatynda milli kadalaşdyryjy hukuk binýadyna aýratyn üns beriler.
ÝHHG-niň Aşgabat Merkeziniň ykdysady we daşky gurşaw bölüminiň başlygy Olivera Zurowak-Kuzmanyň bellemegine görä, howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly gün tertibini durmuşa geçirmekde Türkmenistana goldaw bermeginiň çäklerinde ÝHHG parnik gazlarynyň we metanyň zyňyndylaryny azaltmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
Şu gün, seminaryň ikinji iş gününde parnik gazlary boýunça arzalaryň akkreditasiýanyň ylalaşylan jähtlerine laýyklygyna baha bermek işine jogapkär guramalaryň işini guramak, şeýle-de parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça höweslendiriji çäreler, şol sanda kwotalar we uglerod birlikleriniň dolanyşygy ýaly meselelere garalar. Seminara gatnaşyjylar metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça borçnamalaryň çäginde alnyp barylan işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşarlar we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny hasaplamak boýunça amaly sapaga gatnaşarlar – diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi metbugat habarnamasynda habar berýär.