744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
17.07.2024
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebine 2024/2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul ediş başlandy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebine 2024/2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul ediş başlandy.

 

Orta hünär okuw mekdebine on alty hünär boýunça umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik dalaşgärler giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

 

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde okuwlar 2 – 2,5 ýylyň dowamynda tölegli esasda alnyp barylýar.

 

Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde (Mary şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär.

 

Has giňişleýin maglumat üçin:

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary ş., Kemine köçesi, 33, tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-1