744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.07.2024
“Türkmengaz” DK-nyň “Nesil” çagalar sagaldyş merkezinde fijital sport boýunça ýaryşlar geçirildi

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Nesil” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň binýadynda Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleriniň arasynda sportuň däp bolan adaty we sanly görnüşlerini özünde jemleýän ýaryşlar geçirildi.

Köpetdagyň ajaýyp künjeginde geçirilen ýaryşlara Gökderedäki 14 sany sagaldyş merkezlerinden 300-den gowrak çaga gatnaşdy. Ýaryşyň hut şu ýerde geçirilmegi ýöne ýerden çäldir, çünki “Türkmengaz” DK-nyň “Nesil” çagalar sagaldyş merkezi diňe bir döwrebap sport meýdançalaryna eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, wirtual oýunlar üçin multimediýa ulgamlary bilen hem enjamlaşdyrylandyr.

Ýaryş maksatnamasyna fijital-futbol, fijital-stol tennisi, fijital-sport tanslary we sport tanslary girdi. Fijital ýaryşlaryň aýratynlygy olaryň özünde wirtual we real tapgyrlary jemleýänligindedir.

Dürli ugurlarda ýaryşlarda “Ýaşlyk”, “Nebitçi” we “Çynar” sagaldyş merkezleriniň çagalary ýeňiş gazandy.