744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
23.07.2024
Bagtdan paýly ýaşlar

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi kalplarda ýagşy ýatlamalary galdyrdy. Ýylyň-ýylyna geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu möhüm çäräniň uly şatlyk-şowhuna beslenip dowam eden günlerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup geçdi. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen yglan edilen bu bäsleşik zehinli ýaşlaryň bir toparyny ýüze çykardy.

Şa serpaýyna mynasyp bolan, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Dawud Döwranow buýsanjyny biziň bilen paýlaşyp, şeýle gürrüň berdi:

— Ynsan arzuwlarynyň hasyl bolmagy täze arzuwlara, täze başlangyçlara gönezlik bolýar. Durmuşyňa ajaýyp öwüşginini çaýýan bagtly pursatlar hakydaňa ebedilik ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginde ýeňiji bolup, Şa serpaýyna eýe bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Men bu bäsleşige «Dana Pyragynyň eserlerinde», «Magtymguly Pyragy», «Şahyr bilen talybyň aýdyşygy» ýaly goşgularym bilen gatnaşdym. Bäsleşigiň Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda geçirilmegi halkymyzyň söz sungatyna goýýan belent sarpasynyň nyşany hökmünde kalplarymyza ganat berdi.

«Döredijilikde çäk ýok» diýilýär. Dörediji ynsan mydama ajaýyp eserleriň gözleginde bolýar. Biz talyplara okuwdan boş wagtlarymyz döredijilik bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikler döredilen. Hormatly Prezidentimiz ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda yzygiderli alada edýär.

Biz — talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, kämilleşmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!