744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
23.07.2024
Türkmenistan we ADNOC gaz ulgamynda taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy

20-nji iýulda “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri hem-de Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmet Al-Jaber bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.

 

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri giň toplumyna graldy. Türkmenistanda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, şeýle hem ADNOC-yň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän halkara energetika taslamalaryna gatnaşygy esasy temalaryň hatarynda boldy. Taraplar häzirki hem-de geljegi uly taslamalar bilen bagly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyldan başlap, ADNOC kompaniýasy halkara hukuklaryna we gaz ulgamynda iş alyp barmak tejribesine laýyklykda “Türkmengaz” DK bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.

 

Wideomaslahatyň netijeleri boýunça türkmen we emirlikler tarapy özara gatnaşygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek, durmuşa geçirilýän taslamalar bilen bagly aýry-aýry ykdysady we tehnologiki meselelere garamak boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeň dowam etdirmeklige ygrarlylyklaryny tassykladylar.