744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
26.07.2024
KIOGE 2024: Nebit-gaz pudagynyň geljegi

2024-nji ýylyň 25-27-nji sentýabry aralygynda Almaty şäherinde iň uly senagat çäresi - 29-njy Halkara “Nebit we gaz” halkara maslahaty we sergisi - KIOGE 2024 geçiriler. Bu barada minmag.kz. habar berýär.

Bu halkara çärede 15 ýurtdan 200-den gowrak kompaniýa özüniň iň oňat innowasiýa çözgütlerini  we nebit-gaz senagatynyň önümleriniň köp görnüşini hödürlär. Kanadadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Russiýadan we Türkiýeden gatnaşyjylar milli diwarlyklaryny görkezerler.

Däp bolşy ýaly, sergide iri nebit we gaz çykaryş, gözleg we önümçilik, nebit hyzmat kompaniýalary, nebit-gaz, şahsy we senagat gorag enjamlaryny öndürijiler özleriniň diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrarlar.

25-26-njy sentýabrda geçiriljek  KIOGE konferensiýasynyň dowamynda çykyş etjekler we  oňa gatnaşyjylar özara tejribe alşarlar, täze pudak taslamalarynyň durmuşa geçirilişini we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.Ýyl-ýyldan çäräniň guramaçylary  gatnaşyjylar üçin döredilýän şertleri we amatlyklary kämilleşdirip,  konferensiýanyň has netijeli bolmagyna çalyşýarlar. Hut şonuň üçin hem  guramaçylar täze ýeri saýladylar. KIOGE-2024 konferensiýasy şäheriň iň beýik binasynda, ýagny maslahat otaglary döwrüň  iň täze tehniki talaplaryna laýyk gelýän,  çykyş etjeklere özleriniň prezentasiýalaryny we hasabatlaryny doly görkezmäge mümkinçilik berýän Rits-Karlton myhmanhanasynda geçiriler. Şäheriň merkezinde maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar üçin zerur  bolan ähli infrastrukturalar bar.