744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
06.08.2024
Türkmenistanyň wekilleri Pakistanda geçiriljek halkara konferensiýa we sergä gatnaşar

2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň wekilleri Pakistanyň Karaçi şäherinde geçiriljek "AgriTech: Feeding the Future" atly halkara konferensiýa we sergä gatnaşar. Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasy we Yslam söwda we ösüş palatasy (ICCD) tarapyndan gurnalýan çäre oba hojalygy, syýahatçylyk, senagat we tehnologiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Maslahat "Aziýanyň iň gowy telekeçiligi" (BOE, Asia) atly yzygiderli geçirilýän çäreleriň bir bölegi bolup, gatnaşyjy ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň özara gatnaşyklary üçin meýdança döretmegi maksat edinýär. Türkmenistandan daşary çärä Owganystan, Azerbaýjan, Bruneý, Indoneziýa, Eýran, Malaýziýa, Taýland, Gyrgyz Resbuplikasy, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşarlar.

Guramaçylar çäräniň gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmagyna we agro-senagat pudagynda innowasiýalara höweslendirmegine garaşýarlar.

Türkmen telekeçileri üçin bu möhüm halkara çäre agrotehnologiýalar pudagynda işi ösdürmek we hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açyp biler.

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi