744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
10.08.2024
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlaryny Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy

Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygynda Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlaryny şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy – häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady» atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz: «Köp döwletleriň Baştutanlaryny bu maslahata gatnaşmaga çagyrmak bilen, biz bu çärä diňe bir Magtymgula sarpa goýmak hökmünde däl-de, giň hem-de özara hormat goýmak esasyndaky örän ähmiýetli we öz wagtynda guralýan halkara dialogy, dünýäniň ykbaly, häzirki wagtyň ählumumy syýasy, durmuş-medeni, geoykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyna, olaryň meýillerine we geljekki mümkinçiliklerine oňyn, döredijilikli çemeleşmeleri hem-de garaýyşlary beýan etmek üçin netijeli forum hökmünde garaýarys» diýip belledi.

Gahryman Arkadagly Serdarymyz häzirki wagtda şeýle dialog aýratyn islege eýedigini belläp, Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleriniň garaýyşlarynyň şol maslahatda örän düýpli hem-de giňişleýin beýan edilmegine, olaryň diňlenilmegine hem-de şol garaýyşlara düşünilmegine möhüm ähmiýet berýändigimizi aýtdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi