744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
15.08.2024
Hormatly Prezidentimiz welosipedli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gezelenç etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň çäklerinde düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologik ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sporty bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar.

Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi. Bu baýram her ýyl giňden bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär. Şeýle-de 2022-nji ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany kabul edendigini nygtamak gerek. Mundan başga-da, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň”, “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň” Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek.

...Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

Bedenterbiýe, sport, işjeň dynç alyş, şol sanda welosipedli gezelençler adamlary uly üstünliklere höweslendirip, täze başlangyçlar üçin güýç-kuwwat berýär. Şeýle gezelençler dynç alşy işjeň fiziki hereket bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Lukman hökmünde sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýän Milli Liderimiz şeýle gezelençleriň ägirt uly peýdasynyň bardygyny şahsy göreldesi bilen subut etdi. Şunlukda, ýurdumyzda welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini, Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak, öwrenmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde durýan meseleleri çözmekde welosiped sporty, welosipediň ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi daşky gurşawa uzak möhletleýin esasda oňyn täsirini ýetirip, ekologik ýörelgeleriň jemgyýetçilik durmuşyna içgin aralaşmagyna itergi berýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi