744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Arkadag şäher gaz” gaz hojalyk müdirligi

“Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň “Arkadag şäher gaz” gaz hojalyk müdirligi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň 17.03.2023 ýyldaky HM-35 belgili hatyna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 18.03.2023 ýyldaky 10/9711 belgili ylalaşyk görkezmesine hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň 20.03.2023 ýyldaky 09-03/5011 belgili hatyna laýyklykda, “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň 20.03.2023 ýyldaky 80-iş belgili buýrugy esasynda “Arkadag şäher gaz” gaz hojalyk müdirligi (Mundan beýläk-Müdirlik) döredilen kärhanadyr.

Müdirlik, Arkadag şäheriň çägindäki senagat, jemgyýetçilik kärhanalaryna we ilata üznüksiz gazüpjünçiligine, gazyň ýerleşdirilişiniň hasabyny ýöretmegine, gaz geçirijileriň we gaz desgalaryň gurluşygyna, şeýle hem bökdençsiz işlemegine gözegçilik edýär. Türkmenistanyň “Uglewodorod gazy we gazüpjünçiligi” hakyndaky Kanuna Laýyklykda, müdirlik ylymyň we tehnologiýalaryň soňky gazanylan görnüşleri bilen, ilata we hukuk guramaçylygyna garamazdan ähli edara-kärhanalara tebigy gazy bökdençsiz üpjün etmek hyzmatlaryny alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde “Arkadag şäher gaz” gaz hojalyk müdirligi ilata hem-de edara kärhanalara tehniki hyzmat, gaz enjamlaryna gözegçilik, bejergi işleri, gaz-geçirijileri täzelemek, durkuny üýtgetmek, abatlamak, gaz ölçeýji enjamlaryny gurnamak, sökmek, profilaktika işlerini geçirmek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýär. Gazy üpjün etmegiň tertibi bu, hepdäniň gününe ýa-da günüň wagtyna garamazdan üznüksiz işi bolmak bilen, onuň mydamalyk gözegçiligini gaz hojalyk edaralarynyň adatdan daşary ýagdaýlarynda tehniki goldawyny berýän, ýörite awariýa-dispetçer gullugy alyp barýar. Degişli gullugyň iş jogapkärçiligi aşakdakylardan ybarat bolup durýar:  

-Dürli göwrümli gaz-geçirijilerde, gaz desgalarynda, hojalyk jaýlarda edara-kärhanalarda döräp biljek hadysalaryň gaz bilen bagly ýagdaýlary aradan aýyrmak;

-Gaz-geçirijilerde gazyň basyşyny talaba laýyk we durnukly saklamak;      

-24 sagatda ilatdan we edara- kärhanalardan gaz bilen bagly baradaky gelip gowşýan çakylyklary kabul etmek, we aradan aýyrmak.

 

 

Salgysy: Arkadag ş. Mälikguly Berdimuhammedow  şaýoly, 6-njy jaýy  

Telefon belgisi: (+99312) 57-40-07

Faks:  57-40-01

Elektron poçtasy: tgu@turkmengaz.gov.tm