744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Daşoguzgazüpjünçilik” müdirligi

     “Daşoguzgazüpjünçilik” müdirligi, welaýatyň çägindäki senagat, jemgyýetçilik kärhanalaryna we ilata üznüksiz gazüpjünçiligine, gazyň ýerleşdirilişiniň hasabyny ýöretmegine, şäherlerde, şäherçelerde we oba ýerlerinde gaz geçirijileriň we gaz desgalaryň gurluşygyna, şeýle hem bökdençsiz işlemegine gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň “Uglewodorod gazy we gazüpjünçiligi” hakyndaky Kanunyna laýyklykda, müdirlik ylymyň we tehnologiýalaryň soňky gazanylan görnüşleri bilen, ilata we hukuk guramaçylygyna garamazdan ähli edara-kärhanalara tebigy we suwuklandyrylan gazy bökdençsiz üpjün etmek hyzmatlaryny alyp barýar.

  “Daşoguzgazüpjünçilik” müdirligi ilata hem-de edara kärhanalara tehniki hyzmat, ýagny: ýyllyk bejergi işlerini geçirmek, möwsümleýin tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek, gaz enjamlaryna gözegçilik, bejergi işleri, gaz ölçeýji enjamlaryny gurnamak, sökmek,  filt arrasalamak ýerine dakmak  ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýär.

    Gazy üpjün etmegiň tertibi bu, hepdäniň gününe ýa-da günüň wagtyna garamazdan üznüksiz işi bolmak bilen, onuň mydamalyk gözegçiligini gaz hojalyk edaralarynyň adatdan daşary ýagdaýlarynda tehniki goldawyny berýän, ýörite awariýa-dispetçer gullugy alyp barýar. Degişli gullugyň iş jogapkärçigi aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

Dürli göwrümli gaz-geçirijilerde, gaz desgalarynda, hojalyk jaýlarda, edara-kärhanalarda döräp biljek hadysalaryň gaz bilen bagly ýagdaýlary aradan aýyrmak;

Gaz-geçirijilerde gazyň basyşyny talaba laýyk we durnukly saklamak;

24/7 sagatda ilatdan we edara-kärhanalardan gaz bilen bagly baradaky gelip gowuşýan çakylyklary kabul etmek, we aradan aýyrmak.

 

 

SALGYSY: Daşoguz şäheri, Gurbansoltan eje köçesi 6/1-nji jaýy

Telefon belgisi: +993322-2-40-20

Fax: +993322-2-40-20

Elektron poçtasy: dgu@turkmengaz.gov.tm