744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Aşgabatgaz” müdirligi

“Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň “Aşgabatgaz” müdirligi “Türkmengaz” döwlet konserniniň çykaran buýruklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň kabul eden buýrugy esasynda öňki “Aşgabatgaz” dolandyryş edarasynyň adynyň üýtgedilmeginiň binýadynda döredilen kärhanadyr.

Müdirlik, Aşgabat şäheriň çägindäki senagat, jemgyýetçilik kärhanalaryna we ilata üznüksiz gazüpjünçiligine, gazyň ýerleşdirilişiniň hasabyny ýöretmegine, gaz geçirijileriň we gaz desgalaryň gurluşygyna, şeýle hem bökdençsiz işlemegine gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň “Uglewodorod gazy we gazüpjünçiligi” hakyndaky Kanunyna laýyklykda, müdirlik ylymyň we tehnologiýalaryň soňky gazanylan görnüşleri bilen, ilata we hukuk guramaçylygyna garamazdan ähli edara-kärhanalara tebigy we suwuklandyrylan gazy bökdençsiz üpjün etmek hyzmatlaryny alyp barýar.

Şol bir wagtyň özünde “Aşgabatgaz” müdirligi ilata hem-de edara kärhanalara tehniki hyzmat, gaz enjamlaryna gözegçilik, bejergi işleri, gaz-geçirijileri täzelemek, durkuny üýtgetmek, abatlamak, gaz ölçeýji enjamlaryny gurnamak, sökmek, profilaktika işlerini geçirmek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Gazy üpjün etmegiň tertibi bu, hepdäniň gününe ýa-da günüň wagtyna garamazdan üznüksiz işi bolmak bilen, onuň mydamalyk gözegçiligini gaz hojalyk edaralarynyň adatdan daşary ýagdaýlarynda tehniki goldawyny berýän, ýörite awariýa-dispetçer gullugy alyp barýar. Degişli gullugyň iş jogapkärçigi aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

-Dürli göwrümli gaz-geçirijilerde, gaz desgalarynda, hojalyk jaýlarda, edara-kärhanalarda döräp biljek hadysalaryň gaz bilen bagly ýagdaýlary aradan aýyrmak;

-Gaz-geçirijilerde gazyň basyşyny talaba laýyk we durnukly saklamak;

-24 sagatda ilatdan we edara-kärhanalardan gaz bilen bagly baradaky gelip gowuşýan çakylyklary kabul etmek, we aradan aýyrmak.

 

 

Salgysy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etraby, Garry Gulyýew köçesiniň 81-nji jaýy

Telefon belgisi: +99312 23-23-10

Faks: +99312 23-23-37

Elektron poçtasy: asgabatgazmudirligi@turkmengaz.gov.tm